• Türkmençe
  • Русский
  • English

Hökmany we meýletin ätiýaçlandyryşyň tapawudy näme?

  • 30/11/2018

Hökmany ätiýaçlandyryşyň geçirilmeginiň görnüşlerini, şertlerini we tertibini belleýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýan ätiýaçlandyryş hökmany ätiýaçlandyryş bolup durýar.

Ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşlerini geçirmek Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynyň üstüne ýüklenilýär.

Meýletin ätiýaçlandyryş ätiýaçlandyryjylar bilen ätiýaçlandyrýanlaryň arasynda baglaşylan şertnamalar esasynda amala aşyrylýar.

Meýletin ätiýaçlandyryşy geçirmegiň şertlerini we tertibini kesgitleýän kadalar ätiýaçlandyryjylar tarapyndan Türkmenistanyň “Ätiýaçlandyryş hakynda” Kanunynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär.