Ätiýaçlandyryjy kim?
- 22/12/2018
Ätiýaçlandyryjy – ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we Kanun esasynda ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;