• Türkmençe
  • Русский
  • English

Ätiýaçlandyrmak name üçin gerek?

  • 22/12/2018

Ätiýaçlandyrmak özüňi ýaramaz tötänliklerden goramak üçin gerek. Ätiýaçlandyryşyň mehanizmi öň oýlanyp tapylan we emlägi, ulagy, saglygy we beýlekileri netijeli goramaga mümkinçilik berýär.

Öz atwoulagyňyzy ätiýaçlandyryp Siz ýylyň dowamynda awtoulagyňyzyň abatlygyna ynamly bolup bilersiňiz. Meselem, güýçli şemalyň netijesinde ýykylan agaç, agyr ýol ulag hadysasy, ogurlyk awtoulagyňyzyň döwükligi barada Sizi alada goýmaz.

Ätiýaçlandyryş kärhanasy awtoulagy dikeltmek üçin zerur bolan harajatlary öz üstüne alýar.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda Size arkaýynlyk kepillendirýär. Şu hem, ätiýaçlandyryşyň iň esasy artykmaçlygy bolup durýar.