• Türkmençe
  • Русский
  • English

Biz barada



“Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti


Biziň «Ätiýaçlandyryş hyzmatlary» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetimiz 2012-nji ýylda döwlet we hususy paýdarlaryň gatnaşmagynda esaslandyryldy. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, «Türkmengaz» döwlet konserni, «Türkmenhowaýollary» agentligi, «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky, «Aga gurluşyk», «Myradym» hususy kärhanalary we «Ussat» golçur kompaniýasy «Ätiýaçlandyryş hyzmatlary» ÝGPJ-niň paýdarlarydyr. Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bilen «Hazar ätiýaçlandyryş» AGPJ bolsa hyzmatdaşlarymyz hökmünde çykyş edýärler.

«Ätiýaçlandyryş hyzmatlary» ÝGPJ Türkmenistanyň «Ätiýaçlandyryş hakynda» Kanunyna, Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň Tertipnamasyna we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ygtyýarnamasyna laýyklykda işleýär. Biziň esasy maksadymyz türkmenistanlylaryň maliýe ýagdaýyny kepillendirmek we olaryň hem-de ýuridiki şahslaryň halkara talaplaryna doly laýyk gelýän ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan ybarat. Adamlar betbagtçylykly hadysalar ýüze çykanda, maddy zyýanyň öwezini dolmak we maddy mümkinçilikleriniň bolmadyk ýagdaýynda adminstratiw jogapkärçilikden gaça durmak maksady bilen emläklerini we ömrüni ätiýaçlandyrýarlar.

Ätiýaçlandyryşyň taryhy soňky müňýyllyklar bilen çäklenmeýär. Taryhy maglumatlara görä, onuň geçmişi biziň eýýamymyzdan öňki ikinji müňýyllyga çenli uzaýar. Ýöne jemgyýetiň we ykdysadyýetiň ösmegi bilen, ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň täze görnüşleri hem peýda bolýar. Çünki her bir adam geljegine ynam, durmuşyndaky durnuklylyk üçin ýaşaýar. Kyn günde kepillendirilen goldawyň bolmagy bolsa olaryň kynçylygyny ýeňledýär. Şeýle goragy üpjün etmek «Ätiýaçlandyryş hyzmatlary» ÝGPJ-niň esasy maksadydyr.

«Ätiýaçlandyryş hyzmatlary» ÝGPJ şahsy we edara görnüşli taraplar üçin köp sanly ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýadyr. Has takygy, biziň müşderilerimize hödürleýän ätiýaçlandyryş hyzmatlarymyzyň görnüşleri 20-ä ýetýär. Müşderilerimiz, zerurlyk ýüze çykanda, gaýtadan ätiýaçlandyryş çärelerini hem geçirip bilerler. Kompaniýanyň hünärmenleri hyzmatlary yzygiderli kämilleşdirip, olaryň gerimini giňeldýärler.

«Ätiýaçlandyryş hyzmatlary» ÝGPJ häzirki zaman dünýäsinde siziň iň ygtybarly hyzmatdaşlaryňyzyň biridir.

Biziň kompaniýamyz ýokary hilli ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny bermek bilen, Türkmenistanyň raýatlarynyň we guramalaryň hal-ýagdaýyny goramak, adamlaryň ýaşaýyşyny gowulandyrmak baradaky isleglerini kanagatlandyrmak ýaly işleri alyp barýar. Amatly ätiýaçlandyryş arkaly maddy ýitgileriň öweziniň dolunmagy orta girdejili adamlaryň aglabasynyň alyp biljek iň gowy kömekleriniň biridir.

«Ätiýaçlandyryş hyzmatlary» ÝGPJ

― göz öňünde tutulan şertleriň we borçlaryň berjaý ediljekdigine;

― töleg kepilligine;

― işleriň aç-açanlygyna ynandyrýar.

Müşderilerimiz:

― hyzmatlaryň ýokary hiline;

― netijeliligine;

― aýratyn çemeleşmelere haýran galarlar.

Biziň müşderilerimiz

«Itochu Corporation» kompaniýasy, GAC «Marine» inžener-geologiýa kärhanasy, «Caspian Offshore construction» AGPJ, Ysraýylyň Türkmenistandaky ilçihanasy, «Aga gurluşyk», «Myradym», «Bagtly zamana», «Bagtly gadam», «Ak kent», «Daş», «Serdar söwda we gurluşyk», «Ojak», «Nedir gala», «Beg Töre Hojalyk» hususy kärhanalary, «Hyzmat merkezi», «Altyn nesil» we «Nur önümçilik söwda gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri biziň esasy müşderilerimizdir.

«Ätiýaçlandyryş hyzmatlary» ÝGPJ ätiýaçlandyryş kompaniýasy durmuşyňyzy garaşylmadyk ýagdaýlaryň ýakymsyz täsirlerinden doly gorap, howplaryň öňüni almaga we çylşyrymly netijelerden goranmaga mümkinçilik berer. Biz ― öz işimiziň ussady. Şonuň üçin biziň kompaniýamyzy saýlamak arkaly, aslynda, ygtybarly goragy we rahat ýaşaýyşy saýlarsyňyz!