- Baş sahypa
- Hyzmatlar
- Kärhanalaryň emlägini meýletin ätiýaçlandyryş
Kärhanalaryň emlägini meýletin ätiýaçlandyryş

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan syýasaty esasynda ýurdumyzyň ähli pudaklary uly özgertmelere eýe boldy. Döwletimizde “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň Milli maksatnamasynyň” netijesinde amala aşyrylýan ähli işler döwletimiziň ykdysadyýetiniň kuwwatlylygyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem ilatymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrylmagyna uly itergi berýär.
Mundan ugur alyp Turkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek, ätiýaçlandyryş işini ösdürmek we ony has-da gowylandyrmagyň halkara ýörelgelerini hasaba almak, ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 17-nji awgustynda 12506 belgili karary esasynda “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi.
“Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz ätiýaçlandyryş işini “Ätiýaçlandyryş hakynda”Türkmenistanyň kanunynyň, “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Tertipnamasynyň we Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň beren ygtyýarnamasy esasynda amala aşyrýar. Biziň baş maksadymyz Türkmenistanyň subýektleriniň maliýe ýagdaýyny berkitme, şeýle hem ilatyň we ýurdyň ýuridiki subýektlerini halkara standartlaryna laýyk ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak bolup durýar.